Soňky habarlar

Arhiw

"Tekmil" hususy kärhanasy Türkmenistanyň EXPO - 2020-däki pawilýonyny gurar

21:2411.05.2019
0
11353

Türkmenistanyň ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport edilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 2020-nji ýylyň oktýabryndan 2021-nji ýylyň apreli aralygynda geçiriljek Bütindünýä «EKSPO — 2020» sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak, enjamlaşdyrmak, bezemek we dolandyrmak hem-de sergi tamamlanandan soňra söküp aýyrmak bilen bagly hyzmatlary ýerine ýetirmek barada «Tekmil» hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň