Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň saýlanan Prezidentini gutlady

18:5301.05.2019
0
11421

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli, jenap Wladimir Aleksandrowiç Zelenskä tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutany gutlagynda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hem-de özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Wladimir Aleksandrowiç Zelenskä berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesinde parahatçylygyň, ösüşiň hem-de Ukrainanyň dostlukly halkynyň gülläp ösmeginiň bähbidine uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň