Soňky habarlar

Arhiw

Aziýa çempionatynda boksçymyz bürünç medaly aldy

16:1925.04.2019
0
16182

Bangkok şäherinde (Tailand Patyşalygy) 16 — 27-nji aprel aralygynda boks boýunça Aziýanyň çempionaty geçirilýär. Ýaryşlarda 35 ýurtdan dürli agram derejelerinde çykyş edýän 315 türgen medallar ugrunda bäsleşýär. Türkmenistanyň topary hem bu ýaryşa gatnaşýar.

Ýygyndy toparymyzyň düzüminde çykyş edýän, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýanyndaky «Olimp» orta sport mekdebiniň boks boýunça tälimçisi Nursähet Pazzyýew 75 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 3-nji orny eýeledi we bürünç medala mynasyp boldy.

Bu türgeniň dört ýyllyk arakesmeden soňra, uly sporta gaýdyp gelendigi sebäpli bu sylag aýratyn ähmiýetlidir.

Biziň ildeşimiz 2010-njy ýylda Singapurda geçirilen Tomusky ýetginjekler Olimpiýa oýunlarynda kümüş medala eýe bolupdy hem-de 2012-nji ýylda London şäherinde geçirilen Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjydyr.

Häzirki wagtda türkmen boksçysynyň baş maksady, 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak bolup durýar.

Gündelik ýadawsyz türgenleşikde görkezýän netijesine görä, Nursähet ýurdumyzyň olimpiýa ýygyndy toparynda çykyş etmäge mynasyp türgendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň