Soňky habarlar

Archive news

Üns beriň! Daşary ýurtlarda okamagyň we diplomy tassyklamagyň täze Tertibi Turkmenportalda

21:1423.04.2019
0
20951
Üns beriň! Daşary ýurtlarda okamagyň we diplomy tassyklamagyň täze Tertibi Turkmenportalda

Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylyň 16-njy martynda «Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmek bilen bagly gatnaşyklar düzgünleşdi.

Eýsem, mundan beýläk haýsy döwletlerde alnan ýokary bilim hakyndaky resminamalar tassyklanar? Olaryň tassyklamagyň täze tertibi nähili? Bularyň ählisi daşary ýurtlarda okaýan we indi okamagy meýilleşdirýän ýaşlar üçin gyzykly. Türkmen ýaşlarynyň şu islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, Turkmenportal Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan ýörite gözükdiriji çap etdi. Gyzyklanýan sowallaryňyza şu salgydan jogap tapyp bilersiňiz. 

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň