Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futbolçysy Artur Geworkýan Indoneziýanyň toparynda çykyş eder

11:3918.04.2019
0
15690

Surat: Persib Bandung.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Artur Geworkýan erkin ägent hökmünde Indoneziýanyň "Persib Bandung" topary bilen bir ýyllyk şertnama gol çekdi. Bu barada onuň täze toparynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bandung şäheriniň "Persing" futbol kluby 1933-nji ýylda döredildi, ol taryhynda 7 gezek Indoneziýanyň çempiony boldy. Topara 43 ýaşly çernogoriýaly hünärmen Milýan Radowiç tälim berýär. Topar öz meýdanyndaky duşuşyklary 27 müň tomaşa niýetlenen "Jalak Harupat" stadionynda geçirýär.

Artur Gewrokýanyň täze kluby 2015-nji ýylda AFK-nyň kubogynyň hem eýesi boldy. "Persib" geçen möwsümi dördünji orunda tamamlady. Indoneziýanyň Liga 1 çempionatynyň täze möwsümi bolsa 8-nji maýda başlanar. Toparda biziň ildeşimizden başga-da üç legioner futbol oýnaýar. Olaryň biri hem 2011-nji ýylda Artur Gewrokýan bilen "Nasafda" (Özbegistan) AFK-nyň kubogyna mynasyp bolan serbiýaly futbolçy Boýan Malisiçdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň