Aşgabatly Emin Kulyýew küşt boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medal eýeledi

19:1810.04.2019
0
10586

Aşgabadyň Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň türgeni Emin Kulyýew küşt boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy.Şri-Lanka döwletiniň Kalutara şäherinde 1 ― 10-njy aprel aralygynda geçirilen yklym ýaryşynda ýetginjek küştçüler «rapid» we nusgawy usullary boýunça bäsleşdiler diýip, FIDE-niň resmi saýty habar berýär.

Biziň ildeşimiz öz üstünligini «rapid» usuly boýunça geçirilen ýaryşda gazandy. 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda şweýsar ulgamy boýunça geçirilen we 7 tapgyrdan ybarat bolan ýaryşa 23 döwletden 63 türgen gatnaşdy.

Rapid ― küştüň çakgan oýnalýan görnüşidir. Onda türgenler hem garşydaşy, hem-de wagt bilen ýaryşmaly. Ýaryşyň şertine laýyklykda, 10 minutda az wagtda ýeňiş gazanmaga synanyşmaly. Şri-Lankada geçirilen ýaryşyň düzgünnamasyna görä, küştçüleriň her birine 15 minutlyk esasy we 10 sekuntlyk goşmaça wagt berildi.

«Chess-Tournament-Results» saýtynyň berýän maglumatlaryna görä, 13 ýaşly Emin Kulyýew 7 tapgyryň 6-synda ýeňiş gazandy, birinde ýeňildi. Şeýlelikde, ol özi bilen deň utuk gazanan wýetnamly türgen Tran Dang Ming Kang bilen ikinji we üçünji orunlary paýlaşdy. 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda birinji orny bolsa ýene-de wýetnamly Nguen Kuok Hu eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň