FIAS-yň baştutany Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabadyň 2020-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanylmagy bilen gutlady

21:2229.03.2019
0
11159

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti, 
Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) adyndan hem-de hut öz adymdan FIAS-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 2019-njy ýylyň 22-nji martynda geçirilen mejlisinde 2020-nji ýylda sambo boýunça dünýä çempionatyny Aşgabat şäherinde geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilendigini Size ýetirýärin.

Şu çözgüt bilen Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de Türkmenistanda sport çärelerini guramaga dünýä derejesinde çemeleşilýändigini bellemek isleýärin. Türkmen paýtagtynda sambo boýunça dünýä çempionatynyň ýokary derejede guraljakdygyna hem-de üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirýärin.

Size sportuň bu görnüşine uly üns berýändigiňiz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmäge hem-de bütin dünýäde sambony ösdürmek boýunça bilelikdäki işiň mundan beýläk-de ösdürilmegine saldamly goşant goşjakdygyňyza ynam bildirmäge rugsat etmegiňizi haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,
Wasiliý ŞESTAKOW,
Halkara sambo federasiýasynyň prezidenti.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň