Gülbadam Babamyradowa Olimpiada – 2020-ä gruziýaly tälimçiniň ýolbaşçylygynda taýýarlanar

17:2120.03.2019
0
8265

Ozalky dzýudoçy, 49 ýaşly gruziýaly hünärmen Amiran Totikaşwili Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysyny XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlar. Häzir milli ýygyndymyz täze tälimçisiniň ýolbaşçylygynda Gruziýanyň Batumi şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär.

Amiran Mihaýlowiç Totikaşwili 1969-njy ýylyň 21-nji iýulynda Gruziýanyň Gardaban munisipalitetiniň Martkoli obasynda doguldy. Ol türgen hökmündäki ilkinji halkara üstünligini 1987-nji ýylda Leningradda geçirilen halkara ýaryşda gazandy. Ýaşlaryň arasynda geçirilen bu ýaryşda ol kümüş medal eýeläpdi. Eýýäm bir ýyl soňra bolsa ulularyň arasynda SSSR-iň we Ýewropanyň çempiony bolmagy başardy. Ýewropa çempionatyndaky üstünliginden soňra Amiran Totikaşwili  ozalky Soýuzyň olimpiýa ýygyndysyna kabul edildi. 1988-njiýylda Seulda geçirilen Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp, 60 kilograma çenli agram derejesindäki türgenleriň arasynda bürünç medal gazandy. Şeýle hem ol 1989-njy ýylda SSSR-iň we Potsdamda geçirilen halkara ýaryşyň çempiony; 1990-njy ýylda Ýewropa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi, Tbliside, Parižde geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijisi; 1992-nji ýylda Warşawada, 1996-njy ýylda Budapeştde we ýene Warşawada geçirilen ýaryşlaryň ýeňijisi boldy. Ol ozalky SSSR-iň at gazanan sport ussadydyr.

Ol tälimçilik işine 2000-nji ýyllarda girişdi. 2009 – 2010-njy ýyllarda Gruziýanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysyny türgenleşdiren hünärmen şu ýylyň fewralyndan bäri türkmen türgenlerini halkara ýaryşlara taýýarlaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň