Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Turkmenportalyň "Rubiniň" baş tälimçisi Gurban Berdiýew bilen ýörite söhbetdeşligi

23:3618.03.2019
0
33901

Turkmenportalyň habarçylary Aşgabada gysga wagtlyk gelen Kazanyň “Rubin” futbol klubynyň baş tälimçisi Gurban Berdiýew bilen ýörite söhbetdeşlik taýýarladylar. Onuň bilen tälimçiniň Aşgabat stadionynda Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy bilen geçirýän türgenleşiginiň çäginde söhbetdeş bolduk.

― Gurban Bekiýewiç, sizi Türkmenistanda ýenebir ýola görmek biziň üçin diýseň ýakymly. Türkmenistana gelmek size nähili duýgulary bagyşlaýar?

― Watan ― ähli beýiklikleriň seresi. Uçarda Watan topragyna ýakynlaşyp başlaýarsyň welin, başdan geçirýän duýgularyňy söz bilen beýan etmek mümkin däl. Belki, bu Watanyma seýrek gelýänligim üçin şeýledir. Her gezek uly şatlyga we çäksiz ýakyma beslenýänim çyn.

― Aşgabada iň soňky gezek haçan gelipdiňiz?

― Iki ýyl ozal.

― Aşgabat özgeripdirmi?

― Örän özgeripdir. Käbir ýerleri tanar ýalybolmandyr. Gurlan sport toplumlary bolsa ajaýyp! Şäherde bolup geçenözgertmeler hakynda aýdanlarynda, öte geçýändirler öýdýärdim. Ýöne bu güngörenlerime özüm hem ynanamok.

―Aşgabada gysga wagtlyk saparyňyzyň esasy maksady näme? Kimler bilen duşuşyk geçirmegi meýilleşdirýärsiňiz?

― Men bary-ýogy 3 günlük geldim. Meni Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň täze ýolbaşçylary çagyrdylar, olaryň alyp barýan işleri mende-de gyzyklanma döredýär. Olar ähli işi başdan başlaýarlar, ýöne gadamlaryň netijelidigini häzirden aýdyp bolar. Tälimçilik we ýaşlaryň futboly babatynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen “Rubin” futbol klubynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak kararyna geldik. Futbola höwesek we ukyply ýaşlary bu işe çagalykdan çekmek bilen bagly taslamamyz bar. 22-nji martda Iwan Danilýans hem Aşgabada geler. Ol “Rostowdan” ozal “Rubiniň” ýaşlar düzüminde işledi. Danilýans başlanan taslama bilen bagly juda zerur maslahatlary berip biler.

― Türkmenistanda birnäçe janköýerleri “Rubiniň” soňky döwürdäki şowsuz oýny gyzyklandyrýar. Muny nämä baglap bolar?

― Ilki bilen maddy meselelere. Ilki köp sanly gymmat bahaly futbolçy bardy, klubyň maddy ýagdaýy muňa döz gelmedi. Eger bu ýagdaý dowam etse, klub batmaga çenli baryp bilerdi. Şeýlelikde, ozal bolmadyk özgertmeleri geçirmek kararyna geldik: gymmat bahaly oýunçylarymyzyň tas ählisi bilen diýen ýaly hoşlaşdyk. Bu bolsa bu gezek oýnuň hilini pese düşürdi. Elbetde, bu ýagdaýyň netijä täsir etmesi dowam eder. Çünki ýaş we  tejribesiz futbolçylar bilen oýnaýarys. Oýunçylarymyzyň ortaça ýaşy 18 ― 22 ýaş. Şeýle-de bolsa biz elimizden gelenini amala aşyrmaga çalyşýarys. Nesip bolsa, ähli zat düzeler diýip umyt edýäris.

― Janköýerleri gyzyklandyrýan ýene bir sowal bar: ol hem Berdiýew ― Kafanow hyzmatdaşlygynyň wagtlaýyn bolsa-da soňalndyrylmagy. Karýeraňyzyň agramly böleginde bile işleşen tälimçiniň”Rostowa” gitmeginiň sebäbi näme?

― Witalik... Bu, ilki bilen, işiň gidişinde emele gelen şert bilen bagly. Ol hemişe beýik maksatlaryň hünärmeni boldy. Täzelenen düzümimizde heniz juda bir uly maksatlar ýok. Üstesine-de, “Rostowyň” ýolbaşçylary ― biziň dostlarymyz belentlige ymtylýan ýolda Kafanowyň tejribesinden peýdalanmagy makul bildiler. Göreris, Witaliý ol ýerde özüni nähili görkezip biler?

― Türkmen futbolyny hem yzarlaýansyňyz. Hünärmen hökmünde, türkmenfutbolçylarynyň halkara derejedäki netijesi barada pikiriňizi beýan edäýseňiz. Olara nähili maslahat berip bilersiňiz?

― Ozal hem aýdyşym ýaly, alnyp barylýan işler gowy. Döwrebap sport toplumlary gurulýar, bu bolsa ýaşlar üçin oňat mümkinçilikdir. Köp döwletde beýle mümkinçilikler ýok. Men türkmen sportunyň ýagty geljegi bar diýip pikir edýärin. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň tagallalary bilen, köp işler durmuşa geçirilýär. Şonuň üçin hem türkmen futbolynda-da ýagty geljek görýärin.

― Türkmenistana ýene ýygy-ýygydan gelersiňizmi?

― Elbetde, TFF bilen hyzmatdaşlyklarymyzyň mundan bu ýana-da berkejekdigine ynanýaryn.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň