Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen we bahreýn işewürleriniň duşuşygy geçirildi

18:2916.03.2019
0
1428
Aşgabatda türkmen we bahreýn işewürleriniň duşuşygy geçirildi

Iki günüň dowamynda — 16 — 17-nji martda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň Söwda-senagat edaralary tarapyndan bilelikde guralan türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçirildi. Işewürleriň duşuşygyna gatnaşmak üçin uly wekiliýet Türkmenistana geldi. Şolaryň hatarynda dostlukly ýurduň döwlet düzümleriniň, maliýe hem-de bilim edaralarynyň, söwda, gaz, nebit, himiýa pudaklarynda, dokma senagatynda, telekommunikasiýa, syýahatçylyk we beýleki ulgamlarda işleýän öňdebaryjy bahreýn kompaniýalarynyň wekilleri bar.

Türkmen tarapyndan duşuşyga ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Söwda-senagat edarasynyň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar çäräniň baş wezipesiniň bahreýnli myhmanlary Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty bilen tanyşdyrmakdan, milli ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamynyň wekilleri bilen netijeli uzak möhletli aragatnaşyklary ýola goýmakdan we pugtalandyrmakdan ybaratdygyny bellediler.

Işewürler maslahatynyň işiniň birinji gününiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Bahreýn Patyşalygynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Gulf Petrochemical Industries» kompaniýasynyň arasynda «Ýaşyrynlyk hakynda Ylalaşyga», «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Gulf Petrochemical Industries» kompaniýasynyň arasynda gaz we gazhimiýa pudagynda özara hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Gulf Petrochemical Industries» kompaniýasynyň arasynda «Ýaşyrynlyk hakynda Ylalaşyga», «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Gulf Petrochemical Industries» kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Türkmen-bahreýn işewürler maslahatynyň ikinji gününde energetika, nebit we gaz, himiýa senagaty, oba hojalygy, syýahatçylyk ulgamlarynyň ileri tutulýan ugurlarynda iki ýurduň pudaklaýyn ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň arasynda duşuşyklar we gepleşikler geçirildi.

Bahreýn Patyşalygynyň elektroenergiýa we suw serişdeleri ministri Abdel Huseýn ben Ali Mirzanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy boýunça orunbasary hem-de ýurdumyzyň energetika ministri bilen geçen duşuşygynda energetika ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Abdel Huseýn ben Ali Mirza şeýle hem ýurdumyzyň hökümetiniň degişli agzalary meliorasiýa ulgamynda ägirt uly suw hojalyk taslamalaryny durmuşa geçirmekde, çölleşmäge we topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmekde Türkmenistanyň oňyn tejribesini ara alyp maslahatlaşdy. Bahreýn Patyşalygynyň elektroenergiýa we suw serişdeleri ministrine Garagumuň merkezinde ýerleşen täsin suw desgasy bolan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň birinji nobatdakysynyň netijeleri görkezildi. Onuň gurluşygy zeý suwlaryny gaýtadan ulanmak meselelerini çözmegi maksat edinip, daşky gurşawa aýawly garamagyň nusgasyny görkezýär.

Şeýle hem Bahreýn Patyşalygynyň nebit ministri, Milli gaz kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory şeýh Mohamed bin Halifa bin Ahmed al Halifanyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda energetika ulgamynda, aýratyn-da, nebithimiýa we gazhimiýa senagatyna degişli taslamalar boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. 

«Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň wekilleri «Gulf Petrochemical Industries» nebithimiýa önümçilik kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdylar. Taraplar türkmen-bahreýn işewürler maslahatynyň ilkinji gününde gol çekilen gaz we gazhimiýa pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk ulgamy boýunça orunbasarynyň hem-de Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa ministriniň Bahreýn Patyşalygynyň senagat, söwda we syýahatçylyk ministri Zaýed bin Raşid Al-Zaýýani bilen bolan söhbetdeşliginde myhman türkmen senagatynyň üstünlikleri bilen tanyşdyryldy.

Zaýed bin Raşid Al-Zaýýani bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda ulgamy boýunça orunbasarynyň hem-de Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň duşuşygynda iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy. Özara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek, onuň köptaraply kuwwatyny has doly durmuşa geçirmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, işewür düzümleriň ugry boýunça netijeli gatnaşyklar üçin has oňat şertleriň bardygy nygtaldy.

Dostlukly ýurduň wekiliýetiniň wekilleri Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nobatdaky gezek tassyklap, ýurdumyzda dürli ulgamlarda amala aşyrylýan iri möçberli taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny aýtdylar.

Duşuşygyň dowamynda senagat, söwda, syýahatçylyk meseleleri boýunça hem gepleşikler geçirildi.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň