3-nji martda Olimpiýa şäherçesini gözden geçirenden soňra, döwlet Baştutanymyz Ahalteke atçylyk toplumyna ugrady.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde şu ýylyň başynda doglan Rowaç atly taý bilen didarlaşdy. Milli Liderimiz ilki bilen asylly ýörelgä eýerip, Rowajyň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakdy.
Döwlet Baştutanymyzyň Rowaç atly ajaýyp taýçanak we ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşmagy ylham joşgunyna täze kuwwat berdi. Behişdi bedewleriň mährinden ruhlanan milli Liderimiz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabyny jemlänem bolsa, bu ýerdäki ýakymly pursatlardan göwni galkyp, eline galam alyp, kitaba ýene-de birnäçe maglumatlary, täsirli pursatlary, oý-pikirlerini girizdi. Täze kitap ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli halkymyza ajaýyp sowgat bolar.
Soňky habarlar
Arhiw
Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
17:1104.03.2019
0
11552
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň