Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti Buharestde gulluk iş saparynda bolar

20:5102.03.2019
0
2737

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hazar deňzi — Gara deňiz aralygynda halkara ulag geçelgesini döretmegiň taslamasy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň ýörite duşuşygyna gatnaşmak üçin, 2019-njy ýylyň 3 — 5-nji marty aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
Duşuşygynyň gün tertibine Türkmenbaşy, Baku, Poti, Batumi we Konstansa portlarynyň üsti bilen ýük gatnawlaryny artdyrmak, ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygyny höweslendirmek, bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça dörttaraplaýyn işçi toparyny döretmek bilen baglanyşykly meseleler giriziler.
Ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, sanly tehnologiýany peýdalanmagyň we maglumat alşylmagyny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Duşuşygyň jemleri boýunça Buharest Jarnamasyny kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň