«Nissan Patrol» kysymyndaky awtoulaglaryň T2 görnüşiniň sürüjileriniň türkmen topary Kareliýada (Russiýa Federasiýasy) 14 — 17-nji fewralda geçen «Russiýa-Demirgazyk tokaýy — 2019» atly garly-buzly ýollar boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşyň birinji tapgyryna gatnaşdylar.
Ralli-reýd boýunça halkara ýaryşda 15 döwletden toparlaryň 29-sy duşuşdy. Biziň türgenlerimiz Argentinadan, Russiýadan, Finlýandiýadan, Çehiýadan, Slowakiýadan, Rumyniýadan, Wengriýadan hem-de Litwadan bolan bäsdeşleri bilen ýaryşyp, örän çylşyrymly aralygy üstünlikli geçdi.
Muhammetmyrat we Şamyrat Gurbanowlaryň topary hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar, üçünji orny bolsa Merdan we Şöhrat Toýlyýewler eýeledi.
Çylşyrymly howa şertlerinde awtoulaglarda geçirilýän ýaryşlar — munuň özi çydamlylygyň hem-de sürüjilik başarnygynyň synagydyr. Türgenlerimiz öňde goýlan wezipä abraý bilen hötde geldiler. Awtomobil sporty federasiýasynyň agzalarynyň halkara ýaryşlara gatnaşmagy bilen, Türkmenistan tejribe toplaýar. Şol tejribe öňde boljak ýokary derejelerdäki ýaryşlarda, gürrüňsiz suratda, peýda berer.
Soňky habarlar
Arhiw
Türkmen ralliçileri «Russiýa-Demirgazyk tokaýy — 2019» atly Dünýä kubogynda üstünlikli ýaryşdylar
21:2519.02.2019
0
4456
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň