Soňky habarlar

Arhiw

Germaniýada türkmen-german işewürlik maslahaty geçiriler

18:0613.02.2019
0
1358

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji fewralda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow döwlet Baştutanyna şu ýylyň 11 — 14-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa gulluk iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hem habar berdi. Şol ýerde türkmen wekiliýeti türkmen-german işewürlik maslahatyna gatnaşar.
Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropanyň bu ýurdy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde netijeli gural hökmünde bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň eýeleýän möhüm orny barada aýdyp, Berlinde geçiriljek türkmen-german işewürlik maslahatynyň bu ugurda uly ähmiýete eýe boljakdygyna hem-de netijeli gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirip, degişli resminama gol çekdi we ony sanly aragatnaşyk arkaly wise-premýere ugratdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň