Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistanyň iň gowy etrabyna baýrak gowşuryldy

23:5505.02.2019
0
13030

5-nji fewralda Esenguly etrabynyň merkezinde baýramçylyk öwüşginli dabara boldy. Bu ýerde 2018-nji ýylda ýurdumyzyň etraplarynyň arasynda guralan bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edilen etraba ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki mynasyp bolan baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.
Bu ýerde guralan dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular hem-de etrabyň köp sanly ilaty gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp 1-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň iň gowy görkezijilere eýe bolan etraby yglan edildi. Hödürlenen maglumatlar bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Esenguly etrabynyň häkimligine Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden ABŞ-nyň 1 million dollary möçberdäki pul baýragy bölünip berildi.
Bu ýerde maýa goýum taslamalarynyň çäklerinde, häkimligiň täze döwrebap binasy, haly fabrigi, Medeniýet köşgi, sanly telefon ulgamynyň binasy, deňiz suwuny süýjediji desga, söwda merkezi, kottej görnüşdäki ýaşaýyş jaýlary guruldy. Häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen Saglyk öýi, köpugurly hassahana, multimediýa enjamlary bilen ornaşdyrylan mekdep, çagalar bagy, bedenterbiýe-sagaldyş toplumy açyldy. 2016-njy ýylda Esenguly şäherçesi şäher derejesine eýe boldy.
Orta mekdepler, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary, lukmançylyk edaralary, sport desgalary ýaly häzirki zaman ölçeglerine kybap gelýän durmuş maksatly binalaryň bu oba hojalyk we senagat ähmiýetli etrabyň beýleki ýerlerinde hem gurlup, ulanylmaga berilýändigini bellemeli.
Etrabyň çäklerinde Keýmir, Günorta Gamyşlyja, Körpeje, Akpatlawuk, Ekerem, Şatut, Nebitlije ýaly iri nebitgaz känleri işlenip taýýarlanylýar we täze geljegi uly bolan uglewodorod ýataklaryny gözlemek işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň günorta-günbatarynda alynýan «gara altyn» Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna Körpeje — Balkanabat ulgamlaýyn nebit geçiriji hem-de Ekeremden deňiz tankerleri arkaly ugradylýar.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme iberdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň