Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenawtoýollary» döwlet konserni Gurluşyk we binagärlik ministrligine birleşdirildi

23:2729.01.2019
0
8504

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini üýtgedip guramak hakynda Permana gol çekdi. Resminamada şeýle diýilýär: 
«Ýurdumyzda gurluşyk pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. «Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine birleşdirmeli.
2. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligini ministrlige birleşen «Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
3. Degişli çäklerde awtomobil ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek, düýpli, aralyk, gündelik abatlamak we saklamak boýunça işleri amala aşyrmak wezipelerini welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň üstlerine ýüklemeli.
4. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli».
Şeýle hem Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ministrlik hakyndaky Düzgünnama hem-de onuň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň