Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi döredildi

23:1729.01.2019
0
15365

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligini döretmek hakynda Permana gol çekdi. Onda şeýle diýilýär:
«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagat, ulag we aragatnaşyk pudagyny düýpli özgertmek hem-de bu pudagy toplumlaýyn dolandyrmak arkaly onuň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligini döretmeli.
2. Türkmenistanyň Senagat ministrligini, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligini, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligini, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligini, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyny hem-de «Türkmenhowaýollary» gullugyny Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň garamagyna bermeli hem-de olary degişlilikde şol ministrligiň «Türkmensenagat» agentligi, «Türkmendemirýollary» agentligi, «Türkmenawtoulaglary» agentligi, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi hem-de «Türkmenhowaýollary» agentligi diýip atlandyrmaly».
Şeýle hem milletiň Lideriniň gol çeken Kararlary bilen,
Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy;
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentligi Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň garamagyna berildi hem-de ol şol agentligiň Kosmos müdirligi diýlip atlandyryldy;
«Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjylar hökmünde Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine, şol agentligiň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi;
Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Senagat we kommunikasiýa ministrligine Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň garamagyndaky Abatlaýyş-gurluşyk kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgedilip, ony «Türkmentehnogurluşyk» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň