Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň welaýat häkimliklerinde maslahatlar geçirildi

23:5022.01.2019
0
1154

Şu gün ― 22-nji ýanwarda welaýat häkimliklerinde maslahatlar geçirildi. Ol Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 21-nji ýanwarda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyna bagyşlandy diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 21-nji ýanwardaky iş maslahatynda milletiň Lideri sanly tehnologiýany ulanmak bilen bagly ilkinji göreldeleriň birini görkezdi. Döwlet Baştutany käbir ýolbaşçylary, şol sanda welaýat we etrap häkimleriniň orunbasarlaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly gol çeken resminamalaryny şol wagtyň özünde sanly tehnologiýa arkaly welaýat häkimlerine ugratdy. Häkimler bu resminamalar bilen dessine tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Şu gün welaýat häkimliklerinde geçirilen maslahatlarda döwlet Baştutanynyň beren tabşyryklaryndan gelip çykýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Wezipelere bellenilen ýolbaşçylar belent ynam üçin milletiň Liderine hoşallyk bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň