Köpugurly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek arkaly Türkmenistanyň geoykdysady mümkinçiliklerini has doly peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde hususy pudagyň tutýan ornuny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine buýrujy hem-de baş potratçy hökmünde çykyş etmek bilen, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň we onuň desgalarynyň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak, şeýle hem olary dolandyrmak boýunça işleri ýerine ýetirmäge ygtyýar berildi.
Işlere 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda başlamak we şu tapgyrlara laýyklykda awtomobil ýolunyň hem-de onuň desgalarynyň:
Aşgabat — Tejen bölegini 2020-nji ýylyň dekabr aýynda;
Tejen — Mary bölegini 2022-nji ýylyň dekabr aýynda;
Mary — Türkmenabat bölegini 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.