Türkmenistan ― Ýaponiýa duşuşygyndan ozal geçirilen metbugat maslahatyna garşydaş toparyň baş tälimçisi Hajime Moriýasu we Maýa Ýoşida gatnaşdy.
Hajime Moriýasu:
― Aziýa kubogy garaşylmadyk netijeler bilen başlandy. Awstraliýa utuldy. Tailand utuldy. Günorta Koreýa bolsa kynçylyk bilen ýeňiş gazandy. Şu netijeler hem ýaryşdaky ilkinji duşuşygyň niçik jogapkärlidigini görkezýär. Türkmenistan bilen duşuşygymyzda maksadymyz aýdyň ― diňe ýeňiş!
Umuman, bu oýnuň bize ýeňil düşmejekdigini aýdyp bilerin. Muňa futbolçylar hem düşünýär. Biziň ýygyndymyzda tejribeli futbolçylar bilen bir hatarda ýaş futbolçylar hem bar. Maksadymyz ― Aziýa kubogyna mynasyp bolmak.
Dünýä çempionatyndan soň milli ýygyndynyň başyna getirilen ilkinji günden düzüme ýaş, geljegi uly futbolçylary çagyrmaga başladym. Maksadymyz, uzak wagtyň dowamynda ýiti göreşiň içinde bolup bilmek. Ýaş futbolçylarymyz özlerine döredilen mümkinçilikden peýdalanyp, Aziýa kubogynda elinden gelenini gaýgyrmaz diýip umyt edýärin.
Dekabr aýynda bir hepdelik okuw-türgenleşigini geçdik. Bu biziň Türkmenistan bilen boljak duşuşyga-da, tutuş çempionata-da taýýarlygymyz boldy.
Maýa Ýoşida:
― Dört ýyl ozal Aziýa kubogynda çärýek finalda utulmagymyz bizi uly ahmyra goýupdy. Bu gezek Kubogy gazanmak üçin geldik. Ähli topardaşlaryma ynanýaryn. Eger akylly-başly oýnasak, bu-da eýgertmejek menzil däl.