Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýoldaşlyk duşuşygynda Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Owganystanyň ýygyndysyny ýeňdi

21:0325.12.2018
0
10809

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa kubogy - 2019-a Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde görülýän taýýarlygyň çäginde Owganystanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşyk türkmen futbolçylarynyň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, milli ýygyndymyz 2018-nji ýyly ýeňiş bilen jemläp, täze ýylyň ilkinji günlerinde badalga beriljek yklym ýaryşyna ýeňiş ruhy bilen girişer.
Ýoldaşlyk duşuşygyndaky pökgüleriň ikisi hem ikinji ýarymda geçirildi. Milli ýygyndymyzyň 48-nji minutdaky hüjüminde garşydaşyň jerime meýdanynyň golaýynda Wahyt Orazsähedowyň derwezä gönükdiren pökgüsi bilen biziň ýygyndymyzyň peýdasyna hasap açyldy. Şondan üç minut soňra garşydaşyň ýarym meýdançasynda jerime urgusy bellenildi. Güýçli urgy bilen jerime meýdançasynyň içine gönükdirilen pökgä ilki bilen milli ýygyndymyzyň wekili Güýçmyrat Annagulyýew ýetişdi we duşuşykdaky ikinji pökgini öz adyna ýazdyrdy. 
Bu duşuşyk iki goňşy döwletiň milli ýygyndylarynyň özara geçiren bäşinji duşuşygydyr. Mundan ozal iki milli ýygyndy biri-biri bilen diňe resmi duşuşyklary geçiripdiler. Dünýä kubogy - 2006-nyň saýlama tapgyrynyň çäginde geçirilen ilkinji duşuşykda (2003-nji ýyl) milli ýygyndymyz taryhyndaky iň uly hasaply ýeňşini gazanyp, Owganystanyň ýygyndysynyň derwezesine jogapsyz 11 pökgini geçiripdi. Kabul şäherinde bolan jogap duşuşygy hem türkmen futbolçylarynyň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Türkmenistanyň we Owganystanyň futbol ýygyndylarynyň arasyndaky üçünji duşuşyk 2008-nji ýylda Hindistanyň Haýdarabat şäherinde bolup geçdi. AFK-nyň Çagyryş kubogynyň çäginde bolan bu oýunda milli ýygyndymyz garşydaşlaryny ýene-de ýeňdiler, hasap - 5:0. Şondan 6 ýyl soňra türkmen we owgan futbolçylary ýene-de şu ýaryşda duşuşdylar. 2004-nji ýyldaky bu duşuşykda taryhda ilkinji gezek Owganystanyň milli ýygyndysy türkmen futbolçylaryny ýeňip gördi. Duşuşyk 3:1 hasabynda garşydaşlarymyzyň peýdasyna tamamlandy. Antalýada geçirilen duşuşykda bolsa biziň milli ýygyndymyz owgan futbolçylaryny dördünji gezek ýeňdi.
Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri Türkiýedäki okuw-türgenleşigini tamamlap, öňümizdäki ýylyň 5-nji ýanwary - 1-nji fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek yklym ýaryşyna - Aziýanyň kubogyna gatnaşarlar. Häzir 29 futbolçy bilen türgenleşýän baş tälimçimiziň ýakyn günlerde 23 adamlyk gutarnykly düzümi kesgitläp, Aziýanyň Futbol konfederasiýasyna habar bermegine garaşylýar.
Yklym ýaryşynda biziň milli ýygyndymyz “F” toparçada çykyş eder. Topardaşlarymyz bolsa Ýaponiýanyň, Özbegistanyň we Omanyň milli ýygyndylary bolar. Ozal hem habar berşimiz ýaly, milli ýygyndymyz Aziýanyň kubogy - 2019-da “Ýaşyl meýdan. Ýaşyl ýygyndy. Ýaşyl Türkmenistan” şygarynyň astynda çykyş eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň