Archive news

Türkmenistanyň kanuny: «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda

15:2911.12.2018
0
12497
Türkmenistanyň kanuny: «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda

I. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynda (2005-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2005 ý., HM-80; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 3-4, 37-nji madda; 2006 ý., № 3, 12-nji madda; 2007 ý., № 1, 20-nji we 24-nji maddalar, № 2, 48-nji madda, № 4, 68-nji we 74-nji maddalar; Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2008 ý., HM-96; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 1, 7-nji madda, № 3, 41-nji madda; 2009 ý., № 2, 41-nji madda, № 3, 45-nji madda; 2010 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 34-nji madda, № 3,  64-nji madda; 2011 ý., № 1, 5-nji we 24-nji maddalar, № 2, 45-nji madda, № 3, 59-njy madda; 2012 ý., № 1, 48-nji madda, № 3, 68-nji madda; 2013 ý., № 1, 7-nji madda, № 2, 26-njy madda; 2014 ý., № 1, 24-nji we 49-njy maddalar, № 3, 112-nji madda, № 4, 149-njy madda; 2015 ý., № 2, 48-nji we 71-nji maddalar, № 3, 111-nji madda, № 4, 146-njy madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda, № 3, 118-nji madda, № 4, 144-nji we 165-nji maddalar; 2017 ý., № 2, 77-nji madda, № 3, 111-nji madda, № 4, 135-nji we 147-nji maddalar; 2018 ý.,  № 2, 42-nji madda, № 3-4, 95-nji madda):

119-njy maddadaky tablisany şu görnüşde beýan etmeli:

Goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlaryň atlary

Goşmaça tölegleriň möçberleri

 

 

Köne

Täze

 

Öndürilýän harytlar boýunça

Piwo

Bahasynyň 10%-i

Bahasynyň 20%-i

 

Tebigy üzüm çakyry, güýçli spirtli içgiler, likýorlar we düzüminde alkogol bolan gaýry alkogolly içgiler (üzüm löderesinden başga), şeýle hem düzüminde alkogol bolan çakyr serişdeleri:

20 göterim we şoňa çenli

Bahasynyň 15%-i

Bahasynyň 25%-i

 

20-den 30 göterime çenli we 30 göterim

Bahasynyň 30%-i

 

Bahasynyň 40%-i

 

 

30 göterimden ýokary

Bahasynyň 40%-i

Bahasynyň 50%-i

 

Benzin

Bahasynyň 40%-i

Bahasynyň 40%-i

 

Dizel ýangyjy

Bahasynyň 40%-i

Bahasynyň 40%-i

 

Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilýän harytlar boýunça

Piwo

Gümrük bahasynyň 50%-i, emma

1 litri üçin azyndan

4 manat

Gümrük bahasynyň 60%-i, emma

1 litri üçin azyndan

5 manat

 

Düzüminde aşakdaky möçberde alkogol bolan üzüm çakyrlary we alkogolly içgiler:

20 göterim we şoňa çenli

Gümrük bahasynyň 100%-i, emma

1 litri üçin azyndan 20 manat

Gümrük bahasynyň 110%-i, emma

1 litri üçin azyndan 25 manat

 

20 göterimden ýokary

Gümrük bahasynyň 100%-i, emma

1 litri üçin azyndan

30 manat

Gümrük bahasynyň 110%-i, emma

1 litri üçin azyndan 40 manat

 

Spirtli içgiler taýýarlanylanda ulanylýan spirt (saglygy goraýyş maksady bilen getirilýänlerinden, şeýle hem döwlet kärhanalary, alyjylar birleşmeleriniň kärhanalary tarapyndan  getirilýänlerinden beýlekileri)

1 litri üçin

ABŞ-nyň 4 dollary

1 litri üçin

ABŞ-nyň 5 dollary

 

Temmäki önümleri

Gümrük bahasynyň 30%-i, emma

1 gutusy üçin azyndan

ABŞ-nyň 0,5 dollary

Gümrük bahasynyň 47%-i, emma

1 gutusy üçin azyndan

ABŞ-nyň 2 dollary

 

Senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we temmäkiniň senagat çalşyryjylary

1 kg üçin

ABŞ-nyň 10 dollary

 

1 kg üçin

ABŞ-nyň 10 dollary

 

 

Ýeňil awtoulaglar (tiz kömek awtoulaglaryndan we maýyplar üçin ýörite enjamlaşdyrylan ýörite ulaglardan başga)

Hereketlendirijiniň iş göwrüminiň

1 kub sm-i üçin ABŞ-nyň 0,3 dollary

Hereketlendirijiniň iş göwrüminiň

1 kub sm-i üçin ABŞ-nyň 0,3 dollary

 

 

122-nji maddanyň birinji böleginiň «ç» bendinde «1,5 litr» diýen sözleri «1 litr» diýen sözlere çalşyrmaly;

208-nji maddanyň ikinji, üçünji we bäşinji tesimlerinde «aýda 2 manatdan», «aýda 2 manat» we «1 göterimi» diýen sözleri degişlilikde «aýda 5 manatdan», «aýda 5 manat» we «1,5 göterimi» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanun «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 3-nji maddasynyň ikinji böleginde bellenilen möhletlerde herekete girizilýär.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň