Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda “Importyň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisi” geçiriler

11:4512.11.2018
0
2946

2018-nji ýylyň dekabr aýynyň 4-8 aralygynda Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň Söwda-senagat palatasynyň sergi meýdanynda “Importyň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisi” geçiriler.

Ýöriteleşdirilen synlama önüm öndürmekde dünýäniň iň naýbaşy üstünlikleriniň görkezilişine ugrukdyrylyp, azyk we gaýtadan işleme senagatynda türkmen kärhanalaryna häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga ýardam bermek üçin niýetlenendir.

Milli ykdysadyýetiň depginli ösüşiniň, ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň, hem-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ýetilen üstünlikleriniň kontekstinde bu sergi tejribeleri paýlaşmak, maýa goýujylar we enjamlary üpjün edijiler bilen Aşgabat şäherinde duşuşmak, göni işewür aragatnaşygy sazlamak üçin degerli binýady üpjün etmek üçin gönükdirilendir.

“Importyň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisi” aşakda görkezilen tematiki bölümleri öz içine alýar:

-  Azyk önümçilik tehnologiýalary we enjamlary;

-  Gaplama enjamlary we innowasiýa materiallary;

-  Oba hojalyk we ýyladyşhana tenologiýalary;

-  Maldarçylyk we süýdi gaýtadan işlemek tehnologiýalary;

-  Dürli içgileri we suwuklyklary gaplamak boýunça tehnologiýalar;

-  Önümçilik barlaghana we ölçeg enjamlary;

-  Senagat önümçilik enjamlary we materiallary;

-  Zawod-fabriklaryň enjamlary;

-  Önümçilige degişli beýleki enjamlar we tehnologiýalar.

Diýmek, sergi ýokary tehnologiýalara, innowasiýalara daýanýan önümçilikleriň döredilmegi we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň, şeýle hem eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça oňat mümkinçilik bolar. Sergi türkmen hususyýetçilerine bir bada köp mümkinçiligiň içinden iň gowusyny saýlamaga şert döreder.

Her ýyl Türkmenistanda köp sanly halkara synlamalar geçirilip, olarda dünýäniň ähli künjeklerinden eksponatlar görkezilýär, bu bolsa öz gezeginde Merkezi aziýa sebitinde eksporty we importy sazlamaga, önümçiligiň we hyzmat ediş pudagynyň ähmiýetliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanda geçirilýän sergiler – häzirki wagtyň öňde baryjy harytlaryny we iň gowy hyzmatlaryny görkezmek, hem-de ýerli we dünýäniň öndürijileriniň önümleri bilen tanyşyp bolýan örän oňat meýdançadyr.

Halkara serginiň guramaçylary ýurduň hususy ulgamynyň wekillerini Aşgabatda geçiriljek gözden geçirilişe gatnaşmaga çagyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň