Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi

23:5506.11.2018
0
3791

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we myhman ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, dürli ugurlarda täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak arkaly işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygyny bellediler.

Şu babatda, Hökümetara türkmen-türk toparynyň hem-de bilelikdäki Işewürler geňeşiniň işiniň we hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny gözläp tapmak, Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin oňat mümkinçilikleri döredýän işewürler maslahatlarynyň we pudaklaýyn sergileriň yzygiderli geçirilmegi netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýär.

Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogly ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine berýän ünsi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türk kompaniýalarynyň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, türkmen halkynyň abadan we bagtly durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri hem-de düzümleýin taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň