Türkmenistanly agyr atletikaçy Rejepbaý Rejebowyň hormat münberine çykmagyna bir ädim ýetmedi

22:2205.11.2018
0
10399

Türkmenistanly agyr atletikaçy Rejepbaý Rejebow Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatyny 81 kilogramda erkekleriň arasynda hormat münberinden bir basgançak aşakda tamamlady. 26 ýaşly Türkmenistanyň at gazanan sport ussady ştangany silterläp götermekde 166 kilogram netije bilen bäşinji basgançakda ýerleşdi. Onuň netijesi üçünji orny eýelän hytaýly türgen Li Daýiniňkiden 2 kilogram azdyr.

Milli ýygyndymyzyň wekili ştangany itekläp götermek boýunça 197 kilogram netije görkezdi we geçen ýyl Anahaýmda (ABŞ) geçirilen görkezijisinden 3 kilogram ýokary çykdy. Ýöne soňky synanşygynda oňa 203 kilogramlyk ştangany götermek başartmady. Eger şuny başaran bolsa, ildeşimiziň kümüş medal gazanmagyna garaşyp bilerdik. Şeýlelikde, itekläp götermek boýunça hem bäşinji orny eýelän ildeşimiz, iki görnüşiň jemi boýunça dördünji orna mynasyp boldy. Geçen ýyl 77 kilogram agram derejesinde çykyş eden R.Rejebow iki görnüşiň jemi boýunça 352 kilogram netije görkezipdi. Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda bolsa ol 353 kilogramlyk sepgide ýetip bilipdi.

Bu agram derejesinde netijeler şeýle boldy:

 

Erkekler, 81 kilogram

 

Orunlar:

Altyn medal: Hiajun Lýu (Hytaý), 374 kilogram;

Kümüş medal: Mohamed Mahmud (Müsür), 373 kilogram;

Bürünç medal: Daýin Li (Hytaý), 372 kilogram.

 

Rekordlar:

Ýaşlaryň arasynda: Daýin Li, silterläp götermek boýunça dünýä rekordy, 168 kilogram;

silterläp götermek boýunça dünýä rekordy, 204 kilogram;

iki görnüşiň jemi boýunça dünýä rekordy, 372 kilogram.

Ulularyň arasynda: Mohamed Mahmud (Müsür), silterläp götermek boýunça dünýä rekordy, 173 kilogram;

Hiajun Lýu (Hytaý), iki görnüşiň jemi boýunça dünýä rekordy, 374 kilogram.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň