Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň banklary oba hojalykçylara ýeňillikli karz serişdelerini berer

13:3013.10.2018
0
7063

Oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütlerinden gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tilsimatlary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ygtyýarly banklaryna daýhan birleşiklerine, daýhan hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryna, mülkdarlara, kärendeçilere, oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçilere we döwlete dahylsyz ýuridik şahslara — dahyllylara:

Oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskawatorlary hem-de buldozerleri, suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim bilen, olaryň ulanyş möhletinden ugur alyp, 10 ýyla çenli möhlete her ýylda deň paýlarda gaýtarmak şertinde;

Maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek, şeýle hem esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin ýyllyk 5 göterim bilen 10 ýyla çenli möhlete ýeňillikli karzlary bermäge ygtyýar berildi.

“Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilerini maliýe taýdan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 4-nji martynda çykaran 85-nji Kararyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň