Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä çempionatynyň petekleri satylyp başlandy

20:3910.10.2018
0
7079

Aşgabat şäherinde geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň guramaçylyk komiteti duşuşyklara tomaşa etmäge hukuk berýän petekleriň satuwyna badalga berdi.

Guramaçylyk komiteti tarapyndan berilýän habarda aýdylyşy ýaly, agyr atletika sportunyň muşdaklary petekleri paýtagtymyzdaky “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde, “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähinde we Kuly Şamyradow adyndaky seýilgähde döredilen satuw nokatlaryndan satyn alyp bilerler.

Petekleriň bahasy 7 manatdan 10 manada çenli üýtgeýär. Ýagny, günüň birinji ýarymyndaky ýaryşlara tomaşa etmekligiň bahasy 7, ikinji ýarymyndaky ýaryşlar üçin petekler 10 manatdan bolar. Çünki günüň ikinji ýarymynda dürli agram derejeli boýunça ýarym final we final tutuluşyklary geçirilip, tomaşaçylar dünýä çempionlaryny hut ýaryşyň geçýän ýerine synlamak mümkinçiligini alarlar.

Petek satuw nokatlary ir sagat 10-dan agşam 20-ä çenli işlär. Gurmaçylyk komiteti ýüze çykan sowallar üçin (+993 12) 48 18 22 belgili telefona jaň edip boljakdygyny habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň