"Altyn asyryň" ýarym finaldaky ilkinji duşuşygyny deňlikde tamamlady

20:5619.09.2018
0
5474

Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň finalynyň birinji duşuşygynda Demirgazyk Koreýanyň “Aprel 25” topary bilen myhmançylykda 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady.

AFK-nyň finalçysyny kesgitlejek jogap duşuşygy  paýtagtymyzyň “Aşgabat” stadionynda geçiriler. Interzolagyň finalynyň jogap oýny 3-nji oktýabrda bolar.

AFK-nyň Kubogy-2018. Interzolagyň finalynyň birinji duşuşygy.

Phenýan (Demirgazyk Koreýa).

Aprel 25” (Demirgazyk Koreýa) – “Altyn Asyr” (Türkmenistan) – 2:2

Gollar: I.An 15, Y.Kim 32 (“Aprel 25”) – Wahyt Orazsähedow 20, Selim Nurmyradow 80 (“Altyn Asyr”)

Bellik: Duşuşygyň 30-njy minutynda “Aprel 25” toparynyň oýunçysy I.An meýdandan çykaryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň