Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenistanyň Daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

18:1113.09.2018
0
5223

“Türkmenistanyň Daşary syýasaty we diplomatiýasy” ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Her çärýekde çykýan neşirde ýurdumyzyň daşary syýasy durmuşynyň möhüm wakalary öz beýanyny tapdy.
Žurnalyň bu sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara maslahatda eden çykyşy bilen açylýar. Şeýle hem žurnalyň göwrümli makalasy 2018-nji ýylyň möhüm wakasyna — şu ýylyň 2-nji maýynda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň dabaraly ýagdaýda ulanyşa girizilmegine bagyşlanypdyr.
Žurnalda şu ýylyň 23 — 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna bolan döwlet sapary, döwlet Baştutanymyzyň daşary döwletleriň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen geçirýän duşuşyklary we gepleşikleri, “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” we “Bütindünýä welosiped güni” atly Kararnamalar, daşary ýurtly ýokary wezipeli myhmanlaryň Türkmenistanda geçen halkara maslahatlarda eden çykyşlary we dürli makalalar öz beýanyny tapypdyr.
Mundan başga-da, okyjylar Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyna hem-de “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan makalalar bilen tanşyp bilerler.
 “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly žurnalda çap edilen makalalar öz wajyplygy bilen diňe bir hünärmenleriň däl, eýsem, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köp sanly okyjylarynyň arasynda hem uly gyzyklanma döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň