Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň başlygyny kabul etdi

15:1913.09.2018
0
7284

12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň başlygy we iş dolandyryjysy Mahmud Waezini kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, ilkinji nobatda bolsa, geçen ýyllaryň dowamynda döredilen ygtybarly kadalaşdyryjy-hukuk binýadyna daýanýan söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklaryň özüne geljegi uly ugurlary birleşdirýändigini hem-de iki döwletiň milli bähbitlerine kybap gelýändigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygynyň bilelikdäki iri meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, iki ýurt tarapyndan üstünlikli amala aşyrylan taslamalaryň ençemesi durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýär we durmuş-ykdysady taýdan uly ähmiýete eýedir.
Döwlet Baştutanymyz we myhman ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Biziň ýurtlarymyzyň çäk babatda amatly ýerleşmegi hem-de ägirt uly tebigy serişdeleriň bolmagy bilen baglylykda bu ulgamda giň mümkinçilikler bar. Şeýle ýagdaý bolsa energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygyň zerurdygyny alamatlandyrýar. Energetika howpsuzlygy häzirki döwrüň derwaýys meselesi bolup durýar diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Duşuşygyň dowamynda sebitde ulag-aragatnaşyk düzümini ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň we Eýranyň halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgelerini gurmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge uly üns berýändigi nygtaldy. Tutuş Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlarynyň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýoly munuň aýdyň mysallarynyň biridir.
Hazar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň şu ýylyň awgust aýynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen V sammitinde öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtady.
Ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryna aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, öz gözbaşyny ruhy-medeni gymmatlyklaryň umumylygyndan alyp gaýdýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň pugta binýady bolup durýar. Biziň halklarymyzy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy kökler, gadymy hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar diýip, milli Liderimiz belledi we bilelikde geçirilýän medeni çäreleriň, dürli forumlaryň ähmiýetini nygtady.
Şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklary kadalaşdyrmagyň has netijeli gurallaryny işläp taýýarlamak maksady bilen döredilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işiniň Türkmenistanyň we Eýranyň işewürler toparlarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönüden-göni hyzmat edýändigi bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň