Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda çagalaryň döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

14:5706.09.2018
0
7864

5-nji sentýabrda Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” aýdym-saz bäsleşigi ajaýyp gala-konsert bilen tamamlandy. Bilim ministrligi, Medeniýet ministrligi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde geçirilýän bu döredijilik bäsleşigi ýurdumyzyň baş baýramçylygyna ajaýyp sowgat boldy.
Festiwal ata Watanymyzyň ähli künjeklerinden zehinli çagalaryň bir müň üç ýüzden gowragyny ýygnady. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýaş aýdymçylaryň 15-si hem-de tans, aýdym-saz we halk döredijiligi toparlarynyň 23-si gatnaşdy.
Tomaşaçylaryň el çarpyşmalary bilen has ökde we zehinli ýerine ýetirijileriň, ýeňiji diýen derejä mynasyp bolanlaryň atlary yglan edildi, olara we ýeňijilere milli Liderimiziň adyndan gymmat bahaly baýraklar we bäsleşigiň ýeňijisiniň diplomlary gowşuryldy. Körpeleriň her birine ýadygärlik sowgatlar hem gowşuryldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň