Soňky habarlar

Arhiw

Karles Kuadrat:"Aşgabada "Altyn asyra" ýeňiş bilen jogap bermäge geldik"

14:1429.08.2018
0
5309

Şu gün Aşgabatdaky «Köpetdag» stadionynda ýurdumyzyň «Altyn asyr» futbol topary AFK-nyň kubogy — 2018 halkara ýaryşynyň interzonal ýarym finalynyň çäginde Hindistanyň Superligasynyň çempiony — «Bengaluru» toparyny kabul eder. Iki toparyň arasynda Hindistanyň Bengalor şäherinde geçirilen ilkinji duşuşyk Türkmenistanyň çempionynyň peýdasyna 3:2 hasabynda tamamlanypdy.
Düzüminde ikisi Ispaniýadan, biri Awstraliýadan we biri Wenesuelladan bolan dört sany legioneri saklaýan «Bengaluru» toparyna Barselona akademiýasynyň uçurymy, 49 ýaşly hünärmen Karles Kuadrat tälim berýär. Mundan ozal ol gollandiýaly tälimçi Frank Raýkardyň kömekçisi bolup, Türkiýäniň «Galatasaraý» klubynda we Saud Arabystanynyň milli ýygyndysynda hem işläpdi. 2016-njy ýylda häzirki işleýän toparynyň baş tälimçisiniň kömekçisi wezipesine getirilen Karles Kuadrat şu möwsümiň başyndan bäri toparyň ýüküni öz egnine aldy.
Düýn, «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen metbugat maslagatynda ispaniýaly hünärmen öz çykyşyna şu sözler bilen başlady:
— Hindistandaky duşuşykda «Altyn asyrdan» ýeňilmek biziň işimizi has hem çylşyrymlaşdyrdy. Ýöne ikinji duşuşyga has güýçli taýýarlyk bilen geldik. Oýun tärimizde geçiren üýtgeşmelerimiz netijä täsirini ýetirer diýip umyt edýärin.

— Siziň toparyňyzyň birinji duşuşykda «Altyn asyrdan» asgyn oýnamagynyň esasy sebäbini nämeden görýärsiňiz?

— Ilki bilen öz meýdanyňda üç pökgi geçirtmegiň ýakymsyz ýagdaýdygyny aýdaýyn, çünki myhmançylykdaky her bir geçirilen pökgi indiki tapgyra çykmak mümkinçiligiňi artdyrýar. Hawa, biz oýundan beýle netijä garaşmandyk. «Altyn asyr» hüjümde-de, goragda-da örän gowy oýny orta goýdy. Biz ikinji ýarymda tijendik, ýöne bu tijenme emele gelen ýagdaýdan doly halas bolmak üçin ýeterlik bolmady.

— «Altyn asyryň» birinji duşuşykdaky oýny barada nämeleri aýdyp bilersiňiz?

— Biz ol duşuşykdan sapak aldyk, dörän pursatlary ara alyp maslahatlaşdyk. Türkmenistanyň çempiony birinji duşuşygyň diňe 45 göteriminde oýnuň gidişini özünde saklady. Ýöne olar dörän mümkinçiliklerden netijeli peýdalandylar. «Altyn asyryň» hüjümlerem ýiti boldy. Maňa, esasan hem, Wahyt Orazsähedowyň oýny ýarady.

— Kyn ýagdaýdan baş çykaryp biljekdigiňize ynanýarsyňyzmy?

— «Altyn asyr» bize başga ýol hem goýmady. Biz Aşgabada diňe tapawutly hasap bilen ýeňmek üçin geldik.

— Toparyňyz duşuşyga doly düzümde taýýarmy?

— Hawa, ähli futbolçylaryň saglyk ýagdaýy gowy we olar duşuşyga taýýar.

— Klubyň maksady?

— AFK-nyň kubogynyň indiki tapgyryna geçmek.

Nişu Kumar: «Watanymyza ýeňiş bilen dolanmak isleýäris»

Soňra žurnalistleriň sowallaryna «Bengalurunyň» goragçysy Nişu Kumar jogap berdi.

— Biz bar ünsümizi gowy netije gazanmakda jemledik, Watanymyza ýeňiş bilen dolanmak isleýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň