Buşluk! Aziýa oýunlarynda ilkinji medalymyzy gazandyk

18:0621.08.2018
0
12481

Sanlyja minut mundan ozal türkmen türgenleri Aziýa oýunlary — 2018-däki ilkinji medalyny gazandylar. Has takygy, agyr atletika boýunça geçirilen ýaryşda 25 ýaşly zenan türgenimiz Kristina Şermetowa KÜMÜŞ MEDALA mynasyp boldy.
Dünýä çempionaty — 2017-niň hem kümüş medalçysy 53 kilograma çenli agram derejesindäki zenan agyr atletikaçylaryň ýaryşyna gatnaşyp, umumylykda 206 kilogramlyk netije görkezdi. Şunlukda ol ştangany silkip götermek boýunça 93, itekläp götermekde 113 kilogram netijäni gazandy. Ýurdumyza ilkinji medaly getiren ildeşimiz altyn medala mynasyp bolan flippinli bäsdeşi Hidilyn Diazdan bary-ýogy 1 kilogramlyk netije bilen yza galdy. Üçünji orundaky taýlandly agyr atletikaçy Surodçana Kambaodan bolsa 5 kilogram öňe saýlandy.
Ilkinji medalyň höwri kän bolsun, eziz ildeşler! Öňe, diňe, öňe, türkmen türgenleri!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň