Soňky habarlar

Arhiw

12-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni belleniler

23:5702.08.2018
0
8815

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününi dabaraly bellemek hem-de bu çäräniň çäklerinde ylmy-amaly maslahaty, sport we medeni çäreleri, şeýle hem çagalaryň arasynda Hazar deňziniň gözel tebigatyna bagyşlanan surat çekmek we amaly-haşam işlerini taýýarlamak boýunça bäsleşikleri geçirmek bellenildi.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetine, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasyna we Balkan welaýatynyň häkimligine Hazar deňziniň güni mynasybetli geçiriljek çäreleri talabalaýyk guramagy we geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň