Eýran Merkezi Aziýa, hususan-da, Özbegistana eksport sementini ugratmak üçin Türkmenistana degişli bolan harytlyk wagonlardan peýdalanmagy meýilleşdirýär. Bu barada Eýranyň HBS-leri «Eýranyň demir ýollarynyň» resmi wekiline salgylanyp habar berýärler.
«Türkmen demirýolçularynyň gatnaşmagynda Sarahsda (Horasan welaýaty Razawi) geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça biz sementi eksport etmek üçin türkmen wagonlaryny ulanmaklygy ylalaşdyk» - diýip IRIR-niň halkara ibermeler boýunça direktory Şahram Jafari belledi.
Hödürlenen shema laýyklykda, Türkmenistandan EYR kükürt daşaýan wagonlar yzyna gaýdanda Eýranyň demirgazyk-gündogarynda öndürilýän sement bilen ýüklenip, Özbegistana iberilip bilner.
Geljek birnäçe ýylda Özbegistanyň semente bolan zerurlygy ýylda 1-1,5 mln tonna möçberinde bahalandyrylýar.
Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky demir ýol ýük gatnawlary iki sany serhet nokadyndan amala aşyrylýar — Serahs — Sarahs we Akýaýla — Inçe — Boron. 2017-nji ýylda Bandar-Abbas portuna gysga ýoly üpjün edýän Sarahs stansiýasyndan haryt dolanyşygy 1,97 mln tonna ýüke barabar boldy.