Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Akhan atly bedewi - Ginnesiň rekordlar kitabynda!

00:0930.06.2018
0
12123

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedew 10 metr aralygy çarpaýa galyp, hemmelerden çalt geçmegi başardy. Şeýlelikde, ol 2016-njy ýylda görkezilen öňki netijäni iki esse gowulandyrdy! Ajaýyp Akhan çarpaýa galyp, bu aralygy 4,19 sekuntda geçdi.

29-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi wekili hem-de emini Şeýda Subaşi — Gemijiniň gatnaşmagynda bedewleriň görkezme çykyşy guraldy.

Bu tomaşa ajaýyplygy bilen ýatdan çykmajak täsir galdyrdy, çünki onda behişdi bedewleriň owadanlygy hem-de syrdamlygy öz beýanyny tapdy. Bularyň ählisi seýisleriň yhlasly işiniň netijesidir. Akhan atly bedew bu dabaranyň “ýyldyzyna” öwrüldi. Ol iň gowy netijäni görkezip, dünýä rekordyny goýdy. Munuň özi Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili tarapyndan bellige alyndy.

Akhanyň görkezen ýokary netijesi tötänden däldir. Çünki ony hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi seýisleýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň