Soňky habarlar

Arhiw

BMG Beýik Ýüpek ýoly bilen bagly Beýannama kabul etdi

11:4929.06.2018
0
3822

28-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow hasabatyny Ženewadan gelip gowşan hoş habar bilen başlady. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylyň 25-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň 38-nji mejlisinde “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasyň goralmagyny höweslendirmek hakynda” bilelikdäki Beýannama biragyzdan kabul edildi. Türkmenistan bilen bir hatarda, dünýäniň 23 döwleti ony bilelikde dörediji bolup çykyş etdi.

Milli Liderimiz habary kanagatlanma bilen kabul edip, bu wakanyň taryhy ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň özara ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýynda hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de medeniýetleriň köpdürlüligine hormat goýmagyň halkara derejesinde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamaga hem-de ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýän esasy gurallaryň biri hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeni mirasy gorap saklamagyň adam hukuklaryny goramakda we höweslendirmekde möhüm orny eýelemek bilen çäklenmän, eýsem, her bir ynsanyň medeni durmuşa hem-de medeni mirasa gatnaşmaga hukugyny we mümkinçiliklerini kesgitlemäge hem ýardam edýändigini belledi.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen birnäçe ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edip gelýär. Bu gurama parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, sebitde hem-de bütin dünýäde durnukly ösüşi gazanmak bilen bagly başlangyçlarymyzy goldaýar.

Biz bu goldawa ýokary baha berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda möhüm resminamanyň kabul edilmegini goldan döwletleriň ählisine, bütin Milletler Bileleşigine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary hem-de mähriban halkymyzy bu möhüm ähmiýetli waka bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň