Arhiw

Türkmenistanda “Tiz taksi” internet hyzmaty ýola goýuldy

10:2829.06.2018
0
18264

28-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew paýtagtymyzda “Tiz taksi” hyzmatyny ornaşdyrmak hem-de “Demirgazyk — Günorta” halkara demir ýolunyň Etrek bekedinde multimodal logistika merkezini döretmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan taksileri gyssagly çagyrmak boýunça Internet hyzmatlaryny girizmek hakyndaky teklip öňe sürüldi. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin synag geçirmek üçin ýeňil awtoulaglarda ýörite planşetler oturdyldy. Şeýle hem “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Internet ulgamynda ulanylýan ýörite maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Bu ýolagçylara ýerine ýetirilýän hyzmatlar, bahasy, ýoluň uzynlygy hem-de ugry hakyndaky zerur maglumatlary berýär.

Wise-premýeriň hasabaty ýörite wideorolik arkaly utgaşdyryldy.

Milli Liderimiz “Tiz taksi” hyzmatyny girizmek hakyndaky teklibi oňlap, taksi ulaglarynyň ulagyň ýerleşýän ýerini kesgitleýän hem-de tizligiň ýokarlandyrylyşyna gözegçilik edýän degişli enjamlar bilen üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ýeňil awtoulaglara howpsuzlyk, ygtybarlylyk we ekologiýa babatda aýratyn talaplaryň bildirilýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere dünýäniň iň gowy tejribelerini we ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýän öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň öwrenmek hem-de olary ornaşdyrmak boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň