Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirdi

11:0814.06.2018
0
7136

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlary bilen,

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, general-polkownik Ýaýlym Ýagmyrowiç Berdiýew Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri wezipesine bellenilip, Türkmenistanyň goranmak ministri wezipesinden boşadyldy;

general-maýor Begenç Ataýewiç Gündogdyýew Türkmenistanyň goranmak ministri wezipesine bellenip, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy;

polkownik Şadurdy Amanmuhammedowiç Durdyýew Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň goranmak ministriniň terbiýeçilik, işgärleriň we goşunlaryň taýýarlygy boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň