Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

16:4701.06.2018
0
8485

31-nji maýda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamasyny we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine degişli meýilnamalary ýerine ýetirmegiň barşy, şeýle hem halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatynyň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany:
milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, döwlet emlägini dolandyryş ulgamynyň netijeliligini artdyrmak, hususy pudagyň ornuny berkitmek, telekeçileriň işini höweslendirmek, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işler;
nebitgaz toplumynyň düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler;
ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Şu günler welaýatlarda gowaça ideg işleri;
5-nji iýunda bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly halkara ylmy-amaly maslahata görülýän taýýarlyk işleri;
ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda çykarylýan önümleriň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmak maksady bilen, senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler;
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabatdaky himiýa zawodynda bu ugurda alnyp barylýan işler;
Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler;
haryt dolanyşygyny giňeltmek hem-de Söwda-senagat edarasynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler;
ilaty jemgyýetçilik awtoulagy bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler;
şu ýylyň 18 — 21-nji iýuny aralygynda Aşgabatda “Nury Halmämmedowyň sazy — döwürleriň öçmejek mukamy” atly festiwala, 22 — 27-nji iýun aralygynda Ahal welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek medeni çäreler;
Aşgabat şäherinde geçiriljek «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata görülýän taýýarlyk işleri;
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk;
milli kanunçylygynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak we milli parlamentiň nobatdaky maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça hasabatlary diýläp, olar barada degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem milletiň Lideri Çagalary goramagyň halkara gününi we Bütindünýä welosiped gününiň dabaralaryny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň