Soňky habarlar

Arhiw

Babadaýhan etrabynda täze döwrebap senagat toplumynyň düýbüniň tutulyş dabarasy boldy

23:1710.05.2018
0
9963

10-njy maýda Babadaýhan etrabynda täze döwrebap senagat toplumynyň düýbüniň tutulyş dabarasy boldy, ol “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde, şeýle hem eksport ugurly önümleriň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak boýunça dokma pudagynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda bina ediler.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen iri senagat toplumy ýylda ýüplügiň 3 müň 300 tonnasyny, şondan taýýarlanan matalaryň 20 million inedördül metrini, şol sanda boýalan matalaryň 18 million inedördül metrini hem-de 3,5 million taýýar tikin önümlerini öndürer.

Geljekki dokma kärhanasynyň taslamasy pagta süýümini gaýtadan işlemek tapgyryndan başlap, ahyrky önümi öndürmäge çenli tehnologik işleriň tutuş toplumyny gurmagy göz öňünde tutýar hem-de egriji, dokma, boýag we tikin bölümlerini özünde jemleýär. Bu çözgüt pudaklary giň möçberde diwersifikasiýalaşdyrmaga, sebitleri senagat taýdan ösdürmäge, ýerli tebigy serişdeleri has doly peýdalanmaga gönükdirilen milli ykdysadyýetimiziň ösüş strategiýasyny amala aşyrmakda nobatdaky möhüm ädim bolar.

Pudagyň ýokary tehnologiýaly iki sany bu önümçilik desgasyny gurmak Türkiýäniň “Cotam Enterprises Ltd.” kompaniýasyna ynanyldy. Kompaniýa bilen bu pudakda iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň köpýyllyk tejribesi toplanyldy. Kompaniýanyň işjeň gatnaşmagynda Gökdepäniň we Baýramalynyň dokma toplumlary, Aşgabat dokma toplumynyň Büzmeýindäki pagta egriji fabrigi hem-de pudagyň beýleki kärhanalary guruldy.

Kaka we Babadaýhan etraplaryndaky 2021-nji ýylda ulanmaga bermek meýilleşdirilen önümçiligiň gutarnykly tapgyryna eýe bolan pudagyň täze desgalarynyň daşary ýurtlaryň pagta bazarlarynda gymmatly inçe süýümli pagtadan öndürilen matalaryň täze tapgyrynyň esasynda taýýar dokma önümleriniň görnüşlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini bellemek möhümdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň