Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň senagaty» žurnaly döredildi

12:2108.05.2018
0
8391

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň garamagynda täze žurnaly döretmek baradaky Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Senagat ministrligine:
“Türkmenistanyň senagaty” žurnalyny hem-de ministrligiň merkezi edarasynda žurnalyň redaksiýasyny bellenen tertipde döretmäge;
“Türkmenistanyň senagaty” žurnalyny 2018-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, çärýekde bir gezek türkmen, rus we iňlis dillerinde ministrligiň serişdeleriniň hasabyna neşir etmäge ygtyýar berildi.
Şeýle hem Türkmen döwlet neşirýat gullugyna bu žurnaly ýokary hilli we öz wagtynda neşir etmek, Aragatnaşyk ministrligine bolsa döwürleýin abuna ýazylşygyny guramak tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň