3-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag we aragatnaşyk ministrleriniň IX mejlisi boldy.
Onuň gün tertibine sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk pudagyny ösdürmek, bu möhüm ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň — Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleriniň 70-den gowragy gatnaşdy.
Wekiliýetleriň düzüminde ugurdaş ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda ulag, aragatnaşyk, Daşary işler ministrligi, täjirçilik, senagat, maýa goýum we ösüş, gümrük hem-de migrasiýa gulluklarynyň, ýöriteleşdirilen agentlikleriň, awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ulaglary ulgamlarynyň kärhanalarynyň hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenleri bar.
Duşuşyga Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, BMG-niň Aziýa hem-de Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş toparynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň we başga-da birnäçe halkara düzümleriň ýokary wezipeli wekilleri hem gatnaşdylar.
2017-nji ýylda Pakistanyň paýtagty Yslamabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XIII sammitinde yglan edilen we Türkmenistanda geçirilen duşuşykda öňe süren başlangyçlary üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn hoşallyk bildirildi.
Duşuşygyň dowamynda ulag-aragatnaşyk hyzmatlarynyň demir ýol, awtomobil, deňiz ulaglary, raýat awiasiýasy boýunça ýükleri daşamak, ýolagçy gatnatmak babatda sebitleýin bazaryň ösüşiniň dürli ugurlaryna garaldy. Pikir alyşmalaryň dowamynda sebitleýin gatnaşyklara iş ýüzünde itergi bermek maksady bilen, utgaşykly ulag syýasatyny alyp barmagyň zerurdygy bellenildi. Şeýle hem kanunçylygyň we tölegleriň utgaşyklylygy, gümrük, wiza we beýleki çäreleri ýuwaş-ýuwaş ýeňilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu çäreler işewür düzümleriň işini ýeňilleşdirmäge we ýük gatnawlarynyň we daşarky söwdanyň möçberleriniň artmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.
Ulag we logistika ulgamlaryndaky düzümleýin taslamalara, YHG ýurtlarynyň üstünden geçýän esasy ulag geçelgeleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny we bähbitliligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berildi.
Hususan-da, ýurdumyzyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Berdimuhamedow iňlis dilinde çykyş edip, ulaglaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň ulag ulgamynyň ösüşiniň milli maksatnamasynyň çäklerinde Amyderýanyň üstünden geçýän häzirki zaman demir ýol we awtomobil köprüleriniň, Aşgabatda hem-de welaýatlarda halkara howa menzilleriniň gurlandygyny belledi. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurulmagy bu ulgamdaky sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň artýandygy bilen baglanyşyklydyr.
YHG ýurtlarynda maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny, giň zolakly, ýokary tizlikli Interneti ösdürmek, bu ugurda hödürlenýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek babatda pikir alyşmalar boldy. Türkmenistanyň ilkinji milli emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy bilen dünýä ülňülerine laýyk gelýän telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyny, ýokary hilli tele we radio ýaýlymlary döretmek üçin täze mümkinçilikler hem-de şertler peýda boldy.
Mejlisiň jemini jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylar netijeli işewür duşuşyklaryň ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm ugurlardaky gatnaşyklary Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde mundan beýläk-de berkitmäge ýardam berer.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag we aragatnaşyk ministrleriniň IX duşuşygynyň jemleri boýunça degişli resminama kabul edildi.