Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisine gatnaşdy

12:5226.04.2018
0
5880

Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Oguzkent» myhmanhanasyna ýygnananlary mübärekläp, güneşli türkmen topragynda şöhraty äleme dolan behişdi ahalteke bedewleriniň Watanynda sekizinji gezek geçirilýän forumyň öz işine başlamagy bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlady.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilen pursadyndan bäri geçen sekiz ýylda dünýäniň çar künjeginden köp sanly ahalteke atçylyk assosiasiýalary, edara görnüşli taraplar we hususy atşynaslar bu düzümiň agzalygyna kabul edildi. Häzirki wagtda dünýäniň 32 döwletinden edara görnüşli we şahsy taraplaryň 137-si assosiasiýanyň agzasy bolup durýar we olaryň sany ýylsaýyn artýar, bu bolsa alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň geriminiň barha giňelýändigini görkezýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşyndan soň Ispaniýa Patyşalygynyň ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti hanym Blanka de Toledo Loma Osorio we Awstriýadan gelen hususy atşynas jenap Markus Mag. Hubmanna dagylar çykyş etdiler.
Soňra “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” we “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly atlary dakmak hakynda Permanlar okalýar.
Mejlise gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow asylly maksatlar ugrunda bilelikdäki işlerinde üstünlik arzuw edip, watandaşlarymyza hem-de daşary ýurtly raýatlara sylaglary gowşurýar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow indiki mejlisi geçirmegiň ýerini kesgitlemek baradaky çözgüdi kabul etmegi teklip edip, bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda 2019-njy ýylda assosiasiýanyň indiki — IX mejlisini Aşgabatda geçirmek barada yglan etdi hem-de degişli resminama gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň