Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji aprelde geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek
«EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Milli sergimiz üçin bölünip berlen meýdançada häzirki zaman binagärlik usullaryny we türkmen milli aýratynlyklaryny utgaşdyrmak arkaly bölüm gurlar, onuň daş-töweregini tehniki desgalar, gök otlar we baglar bilen bezemek maksat edinilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ägirt uly eksport hem-de maýa goýum kuwwatyny amala aşyrmaga, türkmen önümlerini dünýä bazarlarynda mahabat etmäge täze mümkinçilikleri açýan halkara sergä hem-de işewür forumlara ýurdumyzyň öndürijileriniň gatnaşmagynyň wajypdygyny nygtady.
Milletiň Lideri bu babatda toplanan oňyn tejribäni hem-de ony yzygiderli baýlaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň köptaraply hem-de ajaýyp keşbini, ýurdumyzyň üstünliklerini we gazananlaryny, milli mirasymyzy görkezmek üçin «EKSPO — 2020»-de türkmen sergisiniň ähmiýetini nygtady.