19-njy aprelde Aşgabatda “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahat we festiwal tamamlandy. Foruma dünýäniň 13 ýurdundan alymlar we sungat ussatlary gatnaşdylar.
Halkara forumyň jemleýji gününde özara döredijilik gatnaşyklary Türkmen döwlet medeniýet institutynda dowam etdi. Bu ýerde daşary ýurtly döredijilik toparlarynyň ussatlyk sapaklary geçirildi. Şeýle hem ugurdaş döredijilik ýokary okuw mekdeplerinde, Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda talyplar we mugallymlar üçin ussatlyk sapaklary guraldy.
Paýtagtymyzyň durmuşynda möhüm wakalaryň birine öwrülen halkara foruma şäheriň ilaty we myhmanlary uly gyzyklanma bildirdiler. Hindistanyň saz gurallary toparynyň Winod Gang Dhar Laleniň ýolbaşçylygynda “Watan” kinokonsert merkezinde 20-nji aprelde guraljak goşmaça konserti tomaşaçylar üçin ajaýyp sowgat bolar.
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahatyň we festiwalyň ýapylyş dabarasy boldy we oňa gatnaşyjylaryň işleriniň jemleri jemlenildi. Foruma gatnaşyjylar aýdym-saz mirasyny düýpli öwrenmekde hem-de wagyz etmekde durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek barada aýtdylar.
“Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahat we festiwal tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Soňky habarlar
Arhiw
Aşgabatda saz sungatynyň çeşmelerine bagyşlanan halkara forum tamamlandy
23:5919.04.2018
0
6287
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň