Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti täze kitabyny ýazmaga girişdi

09:3713.04.2018
0
20273

12-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde milli Liderimiz ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşdy hem-de adaty endigine eýerip, döredijilik bilen meşgul boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti çeper döredijiligiň şahyrana ýoly bilen bahar paslyny, türkmen tebigatyny, behişdi bedewlerimizi wasp edýän goşgy setirlerini döretdi. Şeýle hem milletiň Lideri däp-dessurlarymyza, baý taryhymyza, behişdi bedewlerimize we türkmen topragynyň tebigy aýratynlyklaryna bagyşlanan täze kitaby ýazmaga girişdi. Täze eseriň ýurdumyz hem-de milletimiz hakynda gymmatly çeşmä öwrülip, tutuş halkymyzyň bolşy ýaly, dünýä okyjylarynyň hem söýgüli eserine öwrüljekdigi gürrüňsizdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň