Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda aýdym-saz sungatyna bagyşlanan halkara maslahat we festiwal geçiriler

13:2812.04.2018
0
6011

11-nji aprelde geçirilen hökümet maslahatynda döwlet Baştutanyna 18 — 19-njy aprelde Aşgabatda geçiriljek “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahata we festiwala görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Bu foruma gatnaşmaga birnäçe daşary ýurt döwletlerinden medeniýet we sungat işgärleri isleg bildirdiler. Forumyň çäklerinde ylmy maslahaty, konsertleri, daşary ýurtly hünärmenleriň ýurdumyzyň ugurdaş okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda ussatlyk sapaklary meýilleşdirildi.
Milletiň Lideri halkara ylmy maslahaty we festiwaly guramak baradaky meselä degip geçmek bilen, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändigi nukdaýnazaryndan bu forumyň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz milli medeniýetimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegine, dünýäde türkmen halkynyň ruhy mirasynyň giňden wagyz edilmegine, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň hem-de Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň dünýä bileleşigi bilen köpugurly hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän bu möhüm çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň