Türkmenistanyň Prezidenti ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky resminamalara gol çekdi

11:5912.04.2018
0
15572


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, awtomobil ulaglary ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministriniň orunbasary Jumageldi Geldimyradowiç Garaýewiň üstüne ýüklenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Suwhanow Begmyrat Hojamyradowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Guwanç Orazmyradowiç Berdiýew Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Babagylyç Esenowiç Gylyjowy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerinden boşatmak hakynda Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2018-nji ýylyň 9-njy aprelinde çykaran №4/1 karary tassyklanyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Orazmyrat Gurbannazarowy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerine saýlamak hakynda Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2018-nji ýylyň 9-njy aprelinde çykaran №5/1 karary tassyklanyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, içerki gullugyň podpolkownigi Ýazmyrat Halmyradowiç Abaýew Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň başlygy wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň podpolkownigi Orazdurdy Meýlisowiç Suhanow Daşoguz welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň başlygy wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, polkownik Döwletgeldi Gurbangeldiýewiç Meredow Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň podpolkownigi Merdan Orazmyradowiç Myradow Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanlary bilen, 
Gadyrgeldi Müşşikowiç Müşşikow Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine bellenilip, ol “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy;
Maýor Maksat Agamyradowiç Hudaýkulyýew Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory wezipesine bellenildi;
Polisiýanyň general-maýory Çarymyrat Kakalyýewiç Amanow Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory wezipesine bellenildi;
Täçmuhammet Ýazmuhammedowiç Täçmuhammedow “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine bellenildi;
Orazmyrat Gurbannazarow başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy;
Maksat Mämmetsaparowiç Babaýew başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy;
Baýram Gurbandurdyýewiç Annameredowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy;
Polkownik Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory wezipesinden boşadyldy;
Polisiýanyň podpolkownigi Merdan Orazmyradowiç Myradow başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy;
Maksat Toturbabaýewiç Aýdogdyýew saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri wezipesinden boşadyldy.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň