Soňky habarlar

Arhiw

U Hunbin (Hytaý): "Türkmenistanda parlamente saýlawlary geçirmek üçin ähli zat taýýar"

09:3924.03.2018
0
3306

— Men Türkmenistanda eýýäm ikinji gezek bolýaryn. Mundan ozal maňa 2009 — 2011-nji ňyllarda Watanymyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bolup işlemek miýesser etdi. Bu ýerdäki missiam tamamlanansoň hem men Türkmenistanyň okgunly ösüşleri baradaky habarlar bilen ýakyndan gyzyklanyp durdum. Ine, indi bolsa 25-nji martda geçiriljek saýlawlara gatnaşmak nesip etdi.
Men Merkezi Saýlaw toparynyň wekilleri bilen gürrüňdeş bolup, Türkmenistanda saýlawlara ýokary derejede görlen taýýarlyklara şaýat boldum. Bu saýlawlaryň demokratiýanyň aýdyň ýoly bilen ýokary derejede geçjekdigine berk ynanýaryn. Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýy hemişe belent. Bu bolsa ýurduň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çäksiz aladalarynyň miwesidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň